Taliban sekiz saýlaw synçysyny zamun aldy

Terror guramasy Talibana agza terrorçylar, Owganystanyň Perwan welaýatynyň Şinwari etrabynda 8 saýlaw synçysyny zamun aldy

1278918
Taliban sekiz saýlaw synçysyny zamun aldy

Perwanyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Wahide Şehkar, metbugata beren beýanatynda 2 gün ozal Prezident saýlawy üçin Şinwari etrabyna gelen 8 synçynyň, saýlaw tamamlananyndan soň öýlerine gaýdyp barýarka, Talibana agza terrorçylar tarapyndan zamun alynandygyny habar berdi.

Ady agzalan synçylaryň azat edilmekleri üçin işe girişilendigini aýdan Şehkari, jemgyýetçilik guramalaryň liderlerini araçylyk etmekleri üçin sebite iberendiklerini habar berdi.

Taliban tarapyndan mesele bilen bagly entek beýanat berilmedi.

Owganystanda 28-nji sentýabrda Prezident saýlawy geçirilipdi.



Degişli Habarlar