Eýranyň Nebit ministri nebit ýataklarynyň goralmagy bilen bagly beýanat berdi

Zengene, Eýranyň Milli Ýangyn söndürijiler we Howpsyzlyk güni mynasybetli çap eden gutlag hatynda, ýurdyň nebit senagatyna garşy bolmagy ähtimal hüjümler barada duýduryş berdi

1278354
Eýranyň Nebit ministri nebit ýataklarynyň goralmagy bilen bagly beýanat berdi

Eýranyň Nebit ministri Bižen Namdar Zengene, ABŞ-nyň sanksiýalarynyň ýurdyň nebit senagatyny nyşana alýandygyny belläp, fiziki we kiber hüjümlere garşy degişli edaradyr guramalara taýarlykly bolmak barada çagyryş berdi. 

Zengene, Eýranyň Milli Ýangyn söndürijiler we Howpsyzlyk güni mynasybetli çap eden gutlag hatynda, ýurdyň nebit senagatyna garşy bolmagy ähtimal hüjümler barada duýduryş berdi. 

Eýranyň ykdysadyýetiniň özenini emele getirýän we itekleýän güýjüň nebit senagatydygyny aýdan Zengene, ABŞ tarapyndan bolmagy ähtimal fiziki we kiber hüjümlere garşy degişli edaradyr guramalara taýarlykly bolmak barada çagyryş berdi. 

Zengene: "Duşmanyň ykdysady söweşi, ýurdyň ykdysadyýetiniň özeni we itekleýji güýji bolan nebit senagatyny nyşana alýar. Bular ýaly şertlerde ähli nebit kärhanalar we desgalar, fiziki we kiber hüjümlere garşy taýarlykly bolmalydyr" diýip nygtady. 

 


Etiketkalar: #senagat , #nebit , #Eýran

Degişli Habarlar