Indoneziýada 6,8 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Indoneziýanyň Maluku ştatynda 6,8 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1276515
Indoneziýada 6,8 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Indoneziýanyň Meteorologiýa Klimat we geofizika guramasy, güýç merkezi ştatyň paýtagt şäheri Ambonyň 40 km demirgazyk-gündogaryndaky ýer titremäniň ýeriň 10 km aşagynda emele gelendigini habar berdi.

Ýer titremede ilkinji kesgitlemelere görä, adam ýitgisi çekilmedi we sunaminiň boljakdygy barada duýduryş berilmedi.

Indoneziýanyň Saumlaki sebitinde 22-nji sentýabrda bolsa 6,4 bal ululygynda ýer titremesi bolupdy.

Maluka ştatyndaky Ternate diýilen ýerinde 14-nji iýulda bolan 7,3 bal ululygyndaky ýer titremede bolsa 6 adam ýogalypdy.



Degişli Habarlar