Kaýs Said bilen Nebil Al Karwi saýlawyň ikinji tapgyrynda bäsleşmäge hukuk gazandy

Ýokary saýlaw geňeşniň 21-nji oktýabra çenli saýlawyň anyk netijelerini we ikinji tapgyryň geçiriljek wagtyny beýan etmegine garaşylýar

1271457
Kaýs Said bilen Nebil Al Karwi saýlawyň ikinji tapgyrynda bäsleşmäge hukuk gazandy

Tunisde ýekşenbe güni geçirlen prezident saýlawynyň resmi netijelerine görä, garaşsyz dalaşgär Kaýs Said bilen tussaglykdaky Nebil Al Karwi saýlawyň ikinji tapgyrynda bäsleşmäge hukuk gazandy

Tunisiň Ýokary saýlaw komissiýasynyň ýolbaşçylary paýtagt Tunisde beren beýannamasynda, prezident saýlawynda sesleriň 18,4 göterimini alan prof. Said bilen sesleriň 15,6 göterimini alan Karwiniň ikinji tapgyrda bäsleşjekdigini aýtdy.

Nahda hereketiniň dalaşgäri Abdulfettah Moro sesleriň 12,9 göterimini, Nida Tunis partiýasynyň dalaşgäri ozalky Goranmak ministri Abdulkerim Az Zubeýdi sesleriň 10,7 göterimini, Premýer ministr Ýusuf Şahid bolsa sesleriň 7,4 göterimini aldy

Ýokary saýlaw geňeşniň 21-nji oktýabra çenli saýlawyň anyk netijelerini we ikinji tapgyryň geçiriljek wagtyny beýan etmegine garaşylýar

 



Degişli Habarlar