Saud Arabystany nebit desgalaryna guralan hüjüm hakynda gozgalan işe halkara hünärmenleri çagyrar

Hüjüm Saudi Aramko  firmasynyň nebit önümçiliginiň 50 göterim aşaklamagyna sebäp boldy

1270708
Saud Arabystany nebit desgalaryna guralan hüjüm hakynda gozgalan işe halkara hünärmenleri çagyrar

Saud Arabystany milli nebit firmasy Saudi Aramko degişli desgalara guralan hüjüm hakynda gozgalan kaziýet işine halkara hünärmenleri çagyrjakdygyny mälim etdi.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, ýurtda dünýä bazarlaryny nebit bilen üpjün edýän desgalara guralan hüjümiň Saudi Aramko  firmasynyň nebit önümçiliginiň 50 göterim aşaklamagyna sebäp bolandygy nygtalypdy

Beýanatda hüjümde Eýranyň howa giňişliginiň ulanylandygy ýatladyldy we hüjüm hakynda gozgalan işiň dowam edýändigi bellenildi.

Saud Arabystanynyň milli nebit firmasy Saudi Aramko degişli 2 desga şenbe güni ýerli wagt bilen 04.00-da uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjümden soň ýangyn bolupdy

Wakada ýogalanyň ýada ýaralananyn bolmandygy nygtaldy

Husiler mesele hakynda ýazmaça beýanat berip hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alypdy

 

 



Degişli Habarlar