"ABŞ tarapyndan goýlan sanksiýalar dowam eden halatynda gepleşik geçirmegiň hiç hili manysy ýok"

Ruhani bilen Fransiýanyň Prezidenti Makron telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1268033
"ABŞ tarapyndan goýlan sanksiýalar dowam eden halatynda gepleşik geçirmegiň hiç hili manysy ýok"

 

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani ABŞ tarapyndan goýlan sanksiýalar dowam eden halatynda gepleşik geçirmegiň hiç hili manysynyň ýokdygyny belledi

Eýran tarapyndan berlen beýanata görä, Ruhani bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ruhani bilen Makron telefon söhbetdeşliginde ýadro şertnamasy we ABŞ bilen geçiriljek gepleşikler hakynda pikir alyşdy

ABŞ-nyň köp taraply halkara şertnama bolan ýadro şertnamasyndan çekilmek bilen jogapkärçiligini ýerine ýetirmekden gaçandygyny nygtan Ruhani, “Eýran hökümetine, Mejlisine we halkyna görä, sanksiýalar dowam eden halatynda ABŞ bilen gepleşik geçirmegiň manysy ýok” diýdi.

Ruhani “ÝB-ne agza ýurtlar bilen ylalaşyk gazanylan halatynda ýadro şertnamasyndaky jogapkärçiliklerimizi ýerine ýetireris. Eýran bilen 5+1 ýurtlarynyň arasyndaky gepleşik bolsa diňe sanksiýalar bes edilen halatynda başlar” diýip belledi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron hem täze şertnama baglaşylmagy üçin Amerikaly ýolbaşçylar bilen geçiren gepleşikleri hakynda Ruhana maglumat berdi we Fransiýanyň ýadro ylalaşygynyň gazanylmagy üçin tagalla etmäge dowam etjekdigini belledi.



Degişli Habarlar