ABŞ-na degişli harby uçarlar, Yrakda DAIŞ-e degişli ýerlere jemi 36 tonna bomba atdy

Salahaddin welaýatynyň Kanus adasynda guran bilelikdäki operasiýada terror guramasy DAIŞ-e degişli ýerler nyşana alyndy

1267531
ABŞ-na degişli harby uçarlar, Yrakda DAIŞ-e degişli ýerlere jemi 36 tonna bomba atdy

ABŞ-na degişli harby uçarlar, Yragyň Salahaddin welaýatynda terror guramasy DAIŞ-e degişli ýerlere jemi 36 tonna bomba atdy.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, halkara hyzmat güýçleri bilen Yragyň howpsyzlyk güýçleriniň Salahaddin welaýatynyň Kanus adasynda guran bilelikdäki operasiýada terror guramasy DAIŞ-e degişli ýerler nyşana alyndy.

Beýanatda, hyzmatdaş güýçleriniň F-35 we F-15 kysymly uçarlar bilen guran operasiýasynda 36 müň kilogramlyk partlaýjy maddasynyň ulanylandygyna üns çekildi we DAIŞ-e  degişli ýerleriň gury ýerden saplanandygy bellenildi.

Yragyň howpsyzlyk güýçleri  Mosulyň başda durmagynda 3 ýylyň dowamynda DAIŞ-iň gözegçiligi astynda bolan ýerleri 2017-nji ýylyň dekabr aýynda dolulygyna yzyna alandygyny mälim edipdi.

Muňa garamazdan DAIŞ Yragyň Anbar, Diýala, Kerkuk, Salahaddin we Mosul welaýatlarynyň çetki etrapçalarynda howpsyzlyk güýçlerine we asuda ilata garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýär.

 

 



Degişli Habarlar