Russiýadaky ýerli saýlawlaryň gutarnykly bolmadyk netijeleri aýan edildi

Russiýa Federasiýasynda geçen hepdäniň ahyrynda geçirilen tapawutly derejelerdäki ýerli saýlawlaryň ses sanamak işleri tamamlanyp barýar

1266597
Russiýadaky ýerli saýlawlaryň gutarnykly bolmadyk netijeleri aýan edildi

Ýurdyň 85 sebitinde geçirilen 5 müň tapawutly derejedäki ýerli saýlawlarda raýatlar 16 sebitiň gubernatoryny, 22 sebitiň şäher mejlisiniň agzalaryny, 13 Kanun çykaryjy mejlisiň agzalaryny, 3 häkimi saýlamak üçin ses berdiler.

Russiýanyň Merkezi Saýlaw komissiýasy saýlawlaryň gutarnykly bolmadyk netijelerini aýan etdi.  

Başda Sankt Peterburg, Sahalinsk, Başgyrdystan ýaly ýurdyň 16 tapawutly sebitiniň ählisinde ozal gubernator ýa-da merkezi hökümet tarapyndan bellenen we Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Birleşen Russiýa partiýasynyň dalaşgärleri bolan gubernator wekilleri üstün çykdy.

Beýleki sebitlerde geçirilen ýerli derejedäki saýlawlaryň ýeňijileri hem umuman alynanda Birleşen Russiýa partiýasy boldy.

Garaşsyz dalaşgärleriň bellige alynmazlygy bilen bagly eýýäm ençeme gün bäri ýurdyň paýtagty Moskwa şäheriniň köçelerinde geçen protestleriň esasy nyşanasy bolan Moskwanyň şäher mejlisi üçin berilen sesleriň ählisi sanaldy.

Bäş ýyl ozalky saýlawda 21,04 göterimlik gatnaşyk bolan Moskwanyň şäher mejlisiniň bu ýylky saýlawynda bolsa gatnaşyk ozalka garanyňda kän bir üýtgemedi we 21,77 göterim hökmünde bellige alyndy.



Degişli Habarlar