Ýaponiýa bilen ABŞ-nyň arasynda sentýabr aýynda söwda ylalaşygy baglaşylar

Kýodo agentligi mesele bilen bagly beýanat berdi

1258480
Ýaponiýa bilen ABŞ-nyň arasynda sentýabr aýynda söwda ylalaşygy baglaşylar

 

Fransiýanyň Biarris şäherinde geçirilýän G7 Liderler maslahatynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen ikiçäk duşuşyk geçiren Ýaponiýanyň Premýer ministri Sinzo Abe, sentýabr aýynda iki ýurdyň arasynda söwda ylalaşygynyň baglaşyljakdygyny habar berdi.

Kýodo agentliginiň berýän habaryna görä, Abe we Trampyň arasyndaky ikiçäk duşuşygyň netijesinde, Ýaponiýa bilen ABŞ-nyň arasynda sentýabr aýynda söwda ylalaşygynyň baglaşylmagy we Demirgazyk Koreýa bilen edilýän hyzmatdaşlygyň möhümdigi bellenilip geçildi.

Abe, iki ýurdyň ykdysadyýetleri üçin hem uly bir artykmaçlyk boljakdygyny aýdan söwda ylalaşygynyň bir ugry hökmünde ABŞ-den goşmaça mekgejöweniň satyn alynjakdygyny habar berdi.

Sentýabr aýynyň ahyrynda geçiriljek BMG-nyň Baş Assambleýasynyň maslahatyndan ozal ylalaşygyň baglaşylmagyny maksat edinýändiklerini aýdan Abe, ylalaşygyň jikme-jikliginiň hem şol wagta çenli tamam boljakdygyny beýan etdi.


Etiketkalar: #sentýabr , #ABŞ , #Ýaponiýa

Degişli Habarlar