Putin Russiýanyň ykdysadyýeti üçin goşmaça çözgütleriň gerekdigini belledi

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Russiýanyň ykdysadyýetiniň kanagatlanarly derejede ösmeýändigini belläp, dowamly we güýçli bir ösüş üçin goşmaça çözgütleriň gerekdigini belledi

1258723
Putin Russiýanyň ykdysadyýeti üçin goşmaça çözgütleriň gerekdigini belledi

Putin, paýtagt Moskwada Russiýanyň Wise-premýeri we Maliýe ministri Anton Siluanow we Russiýanyň Ykdysady galkynyş ministri Maksim Oreşkin bilen ýurdyň ykdysadyýetindäki täzelikleriň üstünde durup geçdi.

Russiýanyň ykdysadyýetindäki ösüşiň oňyn derejededigini aýdan Putin: “Emma, umumy alanymyzda ykdysadyýetdäki ösüşiň kanagatlanarly derejededigini aýdyp bilmeris” diýdi.

Ýurdyň ykdysadyýeti bilen bagly täze çözgütleriň gerekdigini aýdan Putin: “Dowamly we güýçli bir ösüş üçin goşmaça çözgütler gerek” diýip belledi.

Inflýasiýanyň bolsa meýilleşdirilen derejä golaýlandygyny aýdan Putin: “Inflýasiýa häzirki wagtda 4,5 derejede we dowamly häsýetde meýilleşdirilen dereje ýetip barýar. Emma, inflýasiýadaky oňyn görkezijilere we aýlyklaryň artyşyna garamazdan, halkyň real girdejisi örän ýuwaş artýar we bu ýagdaý örän aladalandyryjy” diýip nygtady.

Rostat tarapyndan berilen habarnama görä, Russiýanyň ykdysadyýeti ýylyň ilkinji ýarymynda 0,7 göterim ösdi.


Etiketkalar: #Russiýa , #Wladimir Putin

Degişli Habarlar