Makron: “G7-ä agza hiç bir ýurt Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyny islemeýär” diýdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, G7-ä agza hiç bir ýurdyň Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyny islemeýändigini nygtady

1258111
Makron: “G7-ä agza hiç bir ýurt Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyny islemeýär” diýdi

Makron, ýurdyň günorta-günbataryndaky Biarris şäherinde geçirilýän ýokary derejeli G7 maslahatynyň çäginde metbugat işgärlerine beren beýanatynda, G7-ä agza ýurtlaryň liderleriniň gatnaşmagynda berilen naharda Eýran meselesini maslahatlaşandyklaryny habar berdi.  

Metbugat işgärleriniň Eýran bilen bagly soragyna, Eýrana ýadro ylalaşyk bilen baglanşykly  ýüzlenmek bermek babatynda liderler tarapyndan özüne wezipe berilmändigine ünsleri çeken Makron, Eýran babatynda ýurtlaryň käbir çäreler görjekdigini mälim etdi.

Makron: “Eýran bilen bagly geçen duşuşykda iki mesele öň hatara çykdy. Birinji, G7-ä agza hiç bir ýurt Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyny islemeýär. Ikinji, G7-ä agza ýurtlar sebitiň asudalygyna we parahatçylygyna garşy, oňa zeper ýetirjek hiç hili göçüm islemeýär” diýip nygtady.

Maslahatdaky bölümleriň we duşuşyklaryň gowy geçendigini aýdan Makron, Fransiýada aglabasy amerika merkezli bolan internet kärhanalaryna garşy girizilen salgytlar bilen baglanşykly: “Trampa aýdyp geçdim. Ykdysady galkynyş we hyzmatdaşlyk guramasynda bir çözgüt tapsak, salgyt girizilmez” diýip belledi.

Makron liderler bilen Amazonkadaky tokaý ýangynlaryna garşy göreşýän ýurtlara kömek bermek babatynda ylalaşandyklaryny aýan etdi.

Beýleki tarapdan Tramp, metbugat işgärlerine beren beýanatynda, G7-ä agza ýurtlaryň liderleriniň Eýrana ýadro ylalaşyk bilen bagly ýüzlenme bermek üçin Makrona wezipe berilendigini aýtdy.



Degişli Habarlar