Eýranyň Prezidenti Günbatar ýurtlaryna hemle atdy

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani, ýurdunyň nebit eksportyna dolulygyna böwet bolunan halatynda halkara deňiz ýollarynyň ozalkylar ýaly howpsyz bolmajakdygyny beýan etdi

1256270
Eýranyň Prezidenti Günbatar ýurtlaryna hemle atdy

Eýranyň lideri Aýetullah Ali Hamaneýiň ofisinden berilen beýanata görä, Ruhani we hökümetiň resmileri ýurdyň paýtagty Tähranda Hamaneý bilen duşuşyk geçirdiler. 

Ruhani ol ýerde eden çykyşynda, ABŞ-nyň basyş syýasatyna garamazdan, Eýranyň nebit bazarynda deňagramlylygy we durnuklylygy üpjün edendigini habar berdi. 

Resmi Waşingtonyň Eýranyň nebit eksportyny dolulygyna ýatyrmak maksadynyň puja barmandygyny aýdan Ruhani: "Global güýçler, Eýranyň nebit eksportynyň dolulugyna päsgel berilmegi we nol derejä ýetirilmegi halatynda, halkara deňiz ýollarynyň ozalkylar ýaly howpsyz bolmajakdygyny bilýär. Şol sebäpli Eýrana garşy birtaraplaýyn häsýetdäki basyşlar, olaryň bähbitlerini we sebitiň howpsyzlygyny üpjün edip bilmez" diýip belledi. 

ABŞ-nyň Eýrana garşy embargolaryny terrorçylykly aksiýa hökmünde häsýetlendiren Ruhani: ABŞ çagalar we zenanlar bilen birlikde Eýranyň ähli halkyna garşy ykdysady söweşe ýüz tutdy" diýip nygtady. 

 


Etiketkalar: #Hasan Ruhani , #Eýran

Degişli Habarlar