Eýrandan ABŞ-e duýduryş

Eýran, ABŞ-nyň hökümetine, Britaniýa degişli Gibraltar awtonom dolanşygy tarapyndan 45 gün saklanyndan soň azat edilen "Adrian Darya-1" nebit tankerine halkara suw giňişliginde biynjalyk etmezlik barada duýduryş berdi

1254600
Eýrandan ABŞ-e duýduryş

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Abbas Musewi, ýurdyň paýtagty Tähranda geçiren metbugat ýygnagynda, Gibraltar awtonom dolanşygynyň Ýokary kazyýetiniň karary bilen boşadylmagyndan soň, düýn gije ýola çykan Eýrana degişli nebit tankerine ABŞ-de bir kazyýetiň saklamak baradaky kararynyň üstünde durup geçdi.

Eýranyň, halkara suw giňişliginde tankeri saklamazlyk barada ABŞ-e duýduryş berilendigini aýdan Musewi: “Esasan hem ABŞ-nyň Şweýsariýadaky ilçihanasynyň üsti bilen resmi ýagdaýda duýduryş berdik. Olar ýaly hereket, halkara suw giňişliginde howpsyzlyga wehim salar” diýip nygtady.

Musewi tankeri saklamagyň erbet netijeleriniň boljakdygyny habar berdi.

Eýran tarapyndan halkara deňizçilik şertlerini ýerine ýetirmedigi sebäpli 19-njy iýulda Ormuz bogazynda saklanan Britaniýa degişli “Steno Impero” atly nebit tankeriniň boşadylyp-boşadylmajakdygy bilen bagly soraga Musewi: “Bu babatda ady agzalan tankeriň düzgün bozmalaryny derňeýän kazyýetiň berjek kararyna garaşmalydyrys” diýip belledi.


Etiketkalar: #duýduryş , #ABŞ , #Eýran

Degişli Habarlar