Russiýada ýolagçy uçar gyssagly ýagdaýda gondy

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 23 adam ýaralandy

1252906
Russiýada ýolagçy uçar gyssagly ýagdaýda gondy

Russiýanyň paýtagty Moskwada ýolagçy uçarynyň howa menziliniň golaýyndaky mekgejöwen meýdanyna gyssagly ýagdaýda gonmagy netijesinde 23 adam ýaralandy.

Russiýanyň TASS habar agentliginiň berýän habaryna görä, Moskwadan Russiýa tarapyndan bikanun ýagdaýda annkesiýa edilen Krymyň Simferopol şäherine gitmek maksady bilen Žukowskiý Halkara howa menzilinden uçan Airbus A321 kysymly ýolagçy uçar, gysga wagt soň guşlaryň sürüsini süsmegi sebäpli ýanmaga başlady we howa menziliniň golaýyndaky mekgejöwen meýdanyna gyssagly ýagdaýda gondy.

234 ýolagçy we 7 adamlyk ekipaždan ybarat uçardaky 9-y çaga jemi 23 adam ýaralandy.

Wakanyň bolan ýerine baran ýangyn söndüijiler ýangyny söndürmäge we ýolagçylary halas etmäge synanyşýarlar.



Degişli Habarlar