NATO-dan rus uçarlaryna günäkärleme

NATO, başdan geçirilen uçar krizisinde rus uçarlarynyň howpsyz bolmadyk manýowrlar edendigini we NATO degişli uçarlaryň ýoluny kesendigini nygtady

1252850
NATO-dan rus uçarlaryna günäkärleme

NATO-nyň metbugat geňeşçisi Oana Lungesku beren beýanatynda, 2 sany SU-27 kysymly rus harby uçarlarynyň ýoldaşlyk eden Russiýa degişli TU-214 uçarynyň, Baltika deňiziniň üstündäki NATO howa giňişligine ýakyn bir ýerde gözegçilik astyna alynandygyny habar berdi.

TU-214 uçarynyň uçuş meýilnamasynyň bardygyny, emma bu uçara ýoldaşlyk edýän 2 sany SU-27 kysymly uçarlaryň bolsa uçuş meýilnamalarynyň bolmandygyny aýdan Lungesku, SU-27 uçarlarynyň signal iberilýän abzallarynyň ýapyk bolandygyny we howa gözegçilik merkezi bilen aragatnaşyga geçmändiklerini aýan etdi.

Lungesku, şol sebäpli NATO degişli 2 sany harby uçaryň howa ulaglaryny anyklamak üçin asmana galdyrylandygyna ünsleri çekip: “NATO degişli uçarlar rus uçarlaryny howpsyz uzaklykdan gözegçilik etdiler, emma bir rus harby uçarynyň howpsyz bolmadyk manýowrlar edip NATO degişli uçaryň uçuş ýoluny kesdi” diýip habar berdi.

Beýleki tarapdan Lungesku, NATO-nyň TU-124 uçarynda kimiň bolandygy barada resmi bir maglumatynyň bolmandygyny beýan etdi.

Russiýanyň metbugaty, NATO degişli F-18 uçarynyň Baltika deňiziniň üstündäki bitarap suw giňişliginiň üstünde Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň bolan uçaryna golaýlaşmaga synanyşandygyny, emma Russiýanyň SU-27 uçarlarynyň NATO degişli F-18 uçaryny uzaklaşdyrandygy öňe sürüldi.



Degişli Habarlar