Mýanmada ýeriň süýşmegi netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Mýanmanyň günorta-günbataryndaky Mon ştatyndaky obalaryň birinde, aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen ýer süýşgünlerinde ýogalan adamlaryň sany 63-e ýetdi

1252085
Mýanmada ýeriň süýşmegi netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Ýangyn söndüriji gullugynyň sosial media hasabyndan berilen beýanata görä, Thaton sebitine degişli Paung şäheriniň Thanphýu-gone obasynda geçen hepdäniň anna güni bolan ýer süýşgüninde, ýeriň aşagynda galan adamlaryň tapylmagy üçin gözleg işleri dowam edýär.

Ýeriň aşagyndan geçen hepdäniň anna gününden bäri 63 adamyň jesedi çykaryldy.

Döwlete degişli Global New Light of Mýanma gazediniň beren maglumatyna görä, obadaky 27 hojalykda ýaşaýan 179 adama öz täsirini ýetiren ýer süşgüninde, ýaralanan 35 adamyň bejergileri Mawlamýinedäki we Thatondaky hassahanalarda dowam edýär.

Gözleg we halas ediş işlerine gatnaşýan meýletinler, ýeriň aşagynda galan adamlaryň diri bolanlyklaryndan umytlarynyň galmandyklaryny, jesetleriň çykarylmagynyň birnäçe wagt aljakdygyny beýan etdiler.

Ençeme gün dowam eden ýagyşlaryň netijesinde emele gelen ýer süşgünlerinde obadaky monastyr, 27 öý, 4 ýük ulagy we 1 ýeňil ulag ýeriň aşagynda galypdy.



Degişli Habarlar