Husiler Saud Arabystanynyň Abha howa menziline hüjüm gurady

Ýemendäki Husiler, Saud Arabystanynyň günortasyndaky Abha howa menziline uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurandyklaryny habar berdi

1252071
Husiler Saud Arabystanynyň Abha howa menziline hüjüm gurady

Husilere degişli El-Mesira kanalynyň beren habaryna görä, Husileriň Saud Arabystanynyň Abha howa menziline hüjüm gurandygyny mälim etdi.

Habarda, hüjümiň Kasyf-2 kysymly uçarmansyz howa ulaglary bilen guralandygy aýan edilip, hüjümiň jikme-jikligi barada bolsa maglumat berilmedi.

Saud Arabystany we Koalisiýa güýçleri tarapyndan hüjüm bilen baglanşykly entek beýanat berilmedi.



Degişli Habarlar