Pentagon: “Türkiýe bilen “Bilelikdäki operasiýa merkeziniň” döredilmegi boýunça ylalaşyldy”

Bu barada ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň Metbugat sekretary beýannama berdi

1250523
Pentagon: “Türkiýe bilen “Bilelikdäki operasiýa merkeziniň” döredilmegi boýunça ylalaşyldy”

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon Türkiýe bilen “Bilelikdäki operasiýa merkeziniň” döredilmegi boýunça ylalaşylandygyny, ylalaşygyň tapgyrlaýyn häsýetde iş ýüzüne geçiriljekdigini beýan etdi.

Pentagonyň Metbugat sekretary Sean Robertson ýurdy bilen Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygynda dörediljek zolak boýunça gazanan ylalaşyga barada beýannama berdi.

“Hopsyz zolak” sözüniň ulanylmandygyny beýan eden Robertson: “Ankarada şu hepde geçirilen harby gepleşiklerde Siriýanyň demirgazyk-gündogarynda NATO-daky hyzmatdaşymyz Türkiýäniň legal howpsyzlyk aladalaryny kanagatlandyrjak durnukly howpsyzlyk mehanizminiň döredilmegi üçin ylalaşyk gazanyldy. Şol çäkde meýilleşdirmeleri we praktikany dowam etdirmek üçin Türkiýede “ABŞ-Türkiýe Bilelikdäki Operasiýa Merkezini” döretmek nazarda tutýarys. Howpsyzlyk mehanizmi tapgyrlaýyn häsýetde iş ýüzüne geçiriler. ABŞ käbir başlangyçlar üçin taýarlyk görýär we şolar boýunça Türkiýe bilen gepleşikleri dowam etdirýär” diýdi.

ABŞ-nyň harby resmileri bilen Milli goranmak ministrliginde üstümizdäki aýyň 5-7-si aralygynda gepleşikler geçirlipdi.

Gepleşiklerde Türkiýäniň howpsyzlyk aladalaryny ortadan aýyrmak üçin birinji nobatda görülmeli çäreleriň gyssagly iş ýüzüne geçirilmegi, şol çäkde howpsyz zolagyň döredilmeginiň ABŞ bilen utgaşdyrylmagy we dolandyrylmagy üçin Türkiýede Bilelikdäki operasiýa merkeziniň gysga möhletde dördilmegi boýunça ylalaşyk gazanylypdy.

 



Degişli Habarlar