Owganystandaky bombaly hüjümde we çaknyşykda ýene-de ençeme adam ýogaldy

Owganystanda 2 tapawutly şäherde bolan bombaly hüjümde we çaknyşykda ýene-de 42 adam ýogaldy

1249067
Owganystandaky bombaly hüjümde we çaknyşykda ýene-de ençeme adam ýogaldy

Owganystanyň Içeri işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, ýurdyň paýtagty Kabulda welosipede ýerleşdirilen bombanyň ýerli wagt bilen sagat 16:00 töweregi, ministrlige degişli ulagyň golaýdan geçýän mahaly partladylandygy, hüjümde 2 adamyň ýogalandygy, 7 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok.

Ýurdyň Eýran serhedindäki Hyrat şäherinde hem Talibanyň düzüminden aýrylan topar bilen Talibana bagly güýçleriň arasynda ýer meselesi sebäpli çaknyşyk ýüze çykdy.  

Sebitiň Geňeşiniň agzasy Wakeel Ahmad, bolan çaknyşygyň netijesinde 40 adamyň ýogalandygyny habar berdi.


Etiketkalar: #Hyrat , #Kabul , #Taliban , #Owganystan

Degişli Habarlar