Russiýada tokaý ýangynlary sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

Russiýanyň Sibir sebitinde geçen hepde başlan tokaý ýangynlary sebäpli 5 aýry ýerde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

1245036
Russiýada tokaý ýangynlary sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

Russiýanyň tebigy çeşmeler we daşky gurşaw ministri Dmitriý Kobylkin Irkutsk, Kransoýarsk, Zabaýkalsk, Ýakutiýa we Burýatiýa sebitlerinde geçen hepde başlan tokaý ýangynlary bilen bagly ýurdyň Premýer ministri Dmitriý Medwedewe maglumat berdi. 

Dowam edýän tokaý ýangynlary sebäpli sebitdäki ýagdaýyň ýaramazdygyny aýdan Kobylkin: "Russiýanyň 5 aýry sebitinde adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Irkutsk, Kransoýarsk, Zabaýkalsk, Ýakutiýa we Burýatiýa sebitlerindäki ýagdaý has hem agyr. Tokaý ýangynlarynyň meýdany 2 million 700 müň gektar. Bu geçen ýyl ýanan meýdana görä 12 göterim köp" diýip habar berdi. 

Kobylkin tokaý ýangynlarynda ýaralanan adamlaryň bolmandygyny mälim etdi. 

 



Degişli Habarlar