Hytaý giň gerimli harby türgenleşik geçirýär

Hytaý Gündogar Hytaý we Günorta Hytaý deňizlerinde harby türgenleşik başlatdy

1244208
Hytaý giň gerimli harby türgenleşik geçirýär

Hytaýyň Jyjiang we Guangdong ştatlarynyň Deňiz howpsyzlygy edaralaryndan çap edilen iki aýry duýduryşda, biri Gündogar Hytaý deňizinde Jyjiang ştatynyň suw giňişliginde, beýlekisi bolsa Günorta Hytaý deňizinde Fujien we Guangdong ştatlarynyň suw giňişliginde harby türgenleşigiň geçiriljekdigi habar berildi.

Koordinatlary berilen sebitlerden Gündogar Hytaý deňizindäki türgenleşigiň düýn agşam başlandygy we 1-nji awgusta çenli dowam etjekdigi mälim edildi.

Günorta Hytaý deňizindäki türgenleşigiň bolsa şu gün irden başlandygy we 2-nji awgusta çenli dowam etjekdigi habar berildi.

Mundan başgada türgenleşigiň geçirilýän ýerlerine giriş gadagançylygynyň girizilendigi beýan edildi.

Beýlaki tarapdan türgenleşiklerde nähili ssenariýleriň gözden geçiriljekdigi we haýsy gämileriň gatnaşjakdygy barada maglumat berilmedi.  



Degişli Habarlar