Taliban Gazna welaýatyndaky polisiýa merkezine hüjüm gurady

Talibana agza başbozarlar, Owganystanyň Gazna welaýatyndaky polisiýa merkezine hüjüm gurady

1243261
Taliban Gazna welaýatyndaky polisiýa merkezine hüjüm gurady

Gazna welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Arif Nuri, metbugata beren beýanatynda, welaýatyň Hogýani etrabyndaky polisiýa merkezine guralan hüjümde, etrabyň Içeri işler edarasynyň müdüriniň we 3 howpsyzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny habar berdi. 

Hüjümde 5 howpsyzlyk gullukçysynyň ýaralanandygyny aýdan Nuri, hüjümden soň howpsyzlyk işgärleri bilen başboarlaryň arasynda ýüze çykan çaknyşykda Talibana agza 10 terrorçynyň öldürilendigini mälim etdi. 

Taliban bolsa 21 howpsyzlyk gullukçysynyň öldürilendigini öňe sürdi. 

 


Etiketkalar: #Taliban , #Gazna

Degişli Habarlar