Eýranyň orta aralykly balistiki raketa synagyny geçirendigi öňe sürüldi

Şahab-3 raketasynyň ýurduň günortasyndan uçurlandygy we 965 kilometri geçip paýtagt Tähranyň golaýyndaky çöle gaçandygy nygtaldy

1242952
Eýranyň orta aralykly balistiki raketa synagyny geçirendigi öňe sürüldi

 

Amerikanyň JNN telewideniýesiniň ABŞ-nyň Goranmak ministrliginden ýokary derejeli ýolbaşça esaslanýan habaryna görä, Eýran düýn ýurduň günortasynda orta aralykly balistiki raketa synagyny geçirdi.

1300 kilometr menzile eýe Şahab-3 raketasynyň ýurduň günortasyndan uçurlandygy we 965 kilometri geçip paýtagt Tähranyň golaýyndaky çöle gaçandygy nygtaldy

Pentagonly ýolbaşçy Şahab-3 raketasynyň ABŞ-nyň harby merkezleri taýdan howply bolmandygyny emma Eýranyň şuňa meňzeş synaglar bilen balistiki raketa menzilini artdyrmagy maksat edinýändigini sözlerinin üstüne goşdy

Eýran bolsa mesele hakynda hiç hili beýanat bermedi.

 



Degişli Habarlar