ÝB 2017-nji ýylda 30 müňe golaý türke raýatlyk berdi

Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar, 2017-nji ýylda 29 müň 807 türke ÝB raýatlygyny berdi

1241166
ÝB 2017-nji ýylda 30 müňe golaý türke raýatlyk berdi

Türkleriň iň köp raýatlyk alan ýurdy 50,2 göterim bilen Germaniýa boldy.

Ýewropanyň Hasabat ofisi (Eurostat), 2017-nji ýyla degişli ÝB ýurtlarynyň raýatlyk bilen bagly habarnamasyny aýan etdi.

Şoňa laýyklykda ÝB-e agza ýurtlar 2017-nji ýylda 825 müň 447 adama raýatlyk berdi. Iň köp raýatlyk beren ýurt bolsa 18 göterim bilen Italiýa boldy. Italiýadan soň 15 göterim bilen Britaniýa, 14 göterim bilen Germaniýa we Fransiýa boldy. Şwesiýanyň we Ispaniýanyň raýatlyk bermek derejesi bolsa 8 göterim boldy.

Habarnama görä 2017-nji ýylda 29 müň 807 türke Ýewropa raýatlygy berildi. Raýatlyk alan türkleriň 50,2 göterimi Germaniýanyň, 17,9 göterimi Fransiýanyň, 10 göterimi Gollandiýanyň, 5,3 göterimi Britaniýanyň, 16,6 göterimi bolsa ÝB-niň beýleki ýurtlarynyň raýatlary boldylar.

ÝB-niň raýatlygyny iň köp alanlar bolsa 8 göterim bilen marokkolylar, 7 göterim bilen albanlar we hersi 4 göterim alan türkler we hindiler boldy.


Etiketkalar: #Ýewropa , #ÝB , #raýatlyk , #türkler

Degişli Habarlar