Tramp senatorlar bilen Türkiýe bilen bagly ugurlary maslahatlaşdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Respbublikan senatorlar bilen Türkiýäniň Russiýadan alan S-400 howa goranyş ulgamlary bilen bagly meseläni ara alyp maslahatlaşdy

1241207
Tramp senatorlar bilen Türkiýe bilen bagly ugurlary maslahatlaşdy

Ak Tamda Respublikan partiýa agza 45 senator bilen metbugat işgärlerine ýapyk geçirilen maslahat 1 sagatdan gowrak wagt dowam etdi.

Maslahatda Türkiýä garşy “ABŞ-nyň garşydaşlary bilen sanksiýalar arkaly göreşmek kanunynyň” çäginde bolmagy ähtimal sanksiýalaryň maslahatlaşylandygy mälim edildi.

Maslahata Respbublikanlaryň ady belli senatorlaryndan Lindsi Grem, Tom Kotton, Mitç Makkonnell, Rand Paul, Marko Rubio we Jeýms Riş ýaly adamlaryň gatnaşandygy aýan edildi.

Maslahat bilen bagly Ak Tam tarapyndan hiç hili beýanat berilmedi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, geçen hepde beren beýanatynda ýurdyň ozalky prezidenti Barak Obamanyň ýolbaşçylygyndaky gökümetiň Türkiýe bilen bagly ýalňyşlyklar edendigini belläp: “Ençeme ugur boýunça kyn bir ýagdaý. Türkiýe taýdan ozalky hökümet uly ýalňyşlyklar etdi we bu bolsa örän erbet. Şol sebäpli häzirki wagtda sanksiýalar meselesine seretmeýäris, näme edip biljekdigimize seredýäris. Kararymyzy entek aýan etmedik” diýip nygtady.



Degişli Habarlar