“Eýran içalylary ele saldy”

Eýranyň Howpsyzlyk ministri ýurtda “ABŞ we daşary ýurtlar üçin içalylyk edýänleriň” saklanandygyny beýan etdi

1239736
“Eýran içalylary ele saldy”

 

Eýranyň Howpsyzlyk ministri Mahmud Alewi ýurtda “ABŞ we daşary ýurtlar üçin içalylyk edýänleriň” saklanandygyny beýan etdi

“Eýranly talyplar habarlar gullugynyň” habar bermegine görä paýtagt Tähranda ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugatyň wekillerine beýannama beren Alewi: “Dürli ugurlarda we esasy merkezlerde ABŞ we daşary ýurtlar üçin içalylyk edýän adamlary kesgitledik. Ele salyp, kazyýet organlaryna tabşyrdyk” diýdi.

Alewi içalylyk etmekde günäkärlenýan adamlaryň sany barada maglumat bermän, ABŞ-nyň Merkezi razwedka gullugy üçin işleýändigi öňe sürülen adamlaryň şahsyýetiniň şu gün gün beýan ediljekdigini nygtady.



Degişli Habarlar