NATO-nyň “Brize 2019” türgenleşigi Bolgariýanyň Warna portunyň golaýynda dowam edýär

23-njisi geçirilýän türgenleşige 12 ýurtdan 27 harby gämi, 5 harby uçar we 5 sany dik uçar gatnaşýar

1237212
NATO-nyň “Brize 2019” türgenleşigi Bolgariýanyň Warna portunyň golaýynda dowam edýär

Düzülen senara laýyklykda 2,250 harby personal bilen Warnanyň ýakpaklarynda hyzmatdaşlyk formatynda operasiýalar geçirilýär.

“Brize 2019” türgenleşiginde mina saplaýyş, howadan we deňizden guraljak hüjümlere garşylyk görkezmek, gämi gatnawynda howpsyzlygy üpjün etmek, jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek, bikanun gatnawa garşy göreş we söwda gämisinde ýangyn söndüriş ýaly dürli çäreler geçirilýär.

Ýekşenbe güni gutarjak türgenleşige Türkiýeden deňizçi podpolkownik Burak Akgüliň ýolbaşçylyk etmeginde F241 belgili “TJG Turgutreis” fyrkaty we deňizçi polkownik Gökhan Bektaşyň serkerdelik etmeginde M262 belgili “TJG Enes” mina kesgitleýiji gämisi, 211 sany harby personal bilen gatnaşýar.



Degişli Habarlar