“Ýewropanyň taryhyndaky bu waka asla ýatdan çykarylmaly däl”

Pompeo Srebrenisa gyrgynçylygyň 24-nji ýyly barada ýazmaça beýanat berdi

1234694
“Ýewropanyň taryhyndaky bu waka asla ýatdan çykarylmaly däl”

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompoe, Srebrenisa gyrgynçylygynyň  24-nji ýylynda beren beýanatynda “Ýewropanyň taryhyndaky bu waka asla ýatdan çykarylmaly däl” diýdi.

Pompeo II Janah urşundan soň başdan geçirlen we iň uly adamzat pajygasy hökmünde kabul edilen gyrgynçylykda Bosniýaly 8372 adamyň pida bolandygyny belledi.

Pompeo Srebrenisa gyrgynçylygyň 24-nji ýyly barada ýazmaça beýanat berdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary, Amerikan halky gyrgynçylykda öldürlen asuda ilatyň hatyralanmagynda Bosniýanyň halkyna goldaw berýändigini nygtady.

Pompeo “Adalatyň tarapdarlaryna goldaw bermäge dowam ederis. Geçmişde başdan geçirlen wakalar bize ýagty geljek üçin birlikde arkalaşykly ýagdaýda işleşmelidigimizi ýatladýar. ABŞ, Bosniýa-Gersegowinanyň halkyna goldaw bermäge dowam eder. Şu gün ýogalanlary hormat bilen hatyralaýarys, şuňa meňzeş pajyganyň indi gaýtalanmazlygy üçin tagalla etmäge dowam ederis Ýewropanyň taryhyndaky bu waka asla inkâr edilip we ýatdan çykarlyp bilinmez” diýdi.

 



Degişli Habarlar