Musulman Alymlarynyň bütin dünýä bileleşiginiň ozalky başlygynyň gyzy 2 ýyldan bäri göz astynda

Ýusuf Al Karadawiniň gyzy Ala Al Karadawiniň göz asty möhledi ýene-de 15 gün uzadyldy

1230513
Musulman Alymlarynyň bütin dünýä bileleşiginiň ozalky başlygynyň gyzy 2 ýyldan bäri göz astynda

 

Müsürde saklanan Musulman Alymlarynyň bütin dünýä bileleşiginiň başlygy Ýusuf Al Karadawiniň gyzy Ala Al Karadawiniň göz asty möhledi ýene-de 15 gün uzadyldy

Ala Al Karadawiniň aklawçysy Ahmed Madi, “Terrorçylaryň hataryna goşulmakda” aýyplanylýan Ala Al Karadawi hakynda başga bir işiň gozgalandygyny we şol sebäpli göz asty möhlediniň ýene-de 15 gün uzadylandygyny aýtdy.

Ala Al Karadawiniň karara garşylyk görkezendigini aýdan aklawçy, Karadawiniň açlyk yglan etmek isleýändigini belledi.

Kairdäki Jenaýat kazyýeti öňňin iki ýyldan bäri göz astynda saklanýan Ala Al Karadawiniň şertli boşadylmagy barada karar kabul edipdi.

Ala Al Karadawi bilen adamsy Husam Halef 2017-nji ýylyň iýul aýynda Müsüriň demirgazygynda ýerleşýän Sahil Aş Şemali etrabyndaky öýlerinde göz tussaglygyna alnypdy

 Karadawiniň 300 gün maşgalasy bilen duşuşmagyna rugsat berilmedi.

Halkara Günä geçişlik guramasynyň Ala Al Karadawi hakyndaky beýanatynda “ Müsürli ýolbaşçylaryň Ala Al Karadawa bolan çemeleşmesi halkara kanunlara görä zulum hökmünde kabul edilmeli” diýildi.

 

 


Etiketkalar: #saklanan , #göz asty , #alym , #musulman

Degişli Habarlar