Owganystanda bomba ýüklenen ulagyň ýarylmagy sebäpli 50 adam ýaralandy

Partlamadan soň ýaragly topar ministrligiň binasynda çem gelen ýere ot açmaga başlady

1227848
Owganystanda bomba ýüklenen ulagyň ýarylmagy sebäpli 50 adam ýaralandy

Owganystanyň paýtagty Kabulda ýaragly hüjümçileriň Goranmak ministrliginiň öňünde bomba ýüklenen ulagy ýarmagy we çem gelen ýere ot açmagy sebäpli azyndan 50 adam ýaralandy.

Owgan ýolbaşçylaryň berýän habaryna görä, ýaragly hüjümçiler ertiriň irki sagatlarynda şäher merkezindäki ministrligiň öňünde bombaly ulagy ýardy.

Şäher merkezinde bolan güýçli partlama sebäpli ilkinji kesgitlemelere görä 50 adam ýaralandy.

Partlamadan soň ýaragly topar ministrligiň binasynda çem gelen ýere ot açmaga başlady

Howpsyzlyk güýçleri sebiti gorag astyna aldy.

Hüjümiň Talibanyň wekilleriniň Kataryň paýtagty Dohada Amerikaly ýolbaşçylar bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirýän günlerine gabat gelmegi ünsleri özüne çekdi.

 

 



Degişli Habarlar