Taliban Owganystanyň Gazna welaýatynda hüjüm gurady

Taliban guramasyna agza terrorçylar, Owganystanyň Gazna welaýatynyň Deh Ýak etrabyna guran ýaragly hüjüminde polisiýa gullugynyň 6 işgäri ýogaldy

1227013
Taliban Owganystanyň Gazna welaýatynda hüjüm gurady

Gaznanyň welaýat şurasynyň wekili Gulam Sahi Zabuli metbugata beren beýanatynda, hüjümde şeýle hem 7 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Zabuli, hüjümden soň bolan çaknyşykda terrorçylaryň hem ýitgi çekendigini aýan etdi. 

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa, hüjümiň netijesinde etrap merkeziniň gözegçiligini ele geçirendikleri, 35 howpsyzlyk gullukçysynyň öldürilendigi mälim edildi. 

 


Etiketkalar: #Taliban , #Owganystan , #Gazna

Degişli Habarlar