Ýewropa Russiýa garşy sanksiýalarynyň möhledini uzaltdy

Ýewropa Bileleişigi Ukrainany durnuksyzlaşdyrýandygyny öňe sürüp, Russiýa garşy girizen ykdysady sanksiýalarynyň möhledini ýene-de 6 aý uzaltmak barada karar kabul etdi

1226421
Ýewropa Russiýa garşy sanksiýalarynyň möhledini uzaltdy

Ýewropa Bileleşigi Geňeşi sanksiýalaryň möhledini 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltmak barada karar kabul etdi.

Möhledi uzaldylan sanksiýalara laýyklykda ÝB-e agza 28 ýurt, Russiýa ýarag satmaýar. 

Sanksiýalar bilen Russiýanyň nebit we gaz pudaklarynda ulanylýan käbir tehnologiýalary ÝB-e agza ýurtlardan almagy çäklendirilýär.

Mundan başgada Russiýanyň döwlet banklary Ýewropada maliýa pudagyndan uzak tutulýar.

Esasan hem söwda we maýa goýumlar bilen baglanşykly çäklendirmeleri öz içine alýan sanksiýalar 6 aýda 1 gezek uzaldylýar. 

Russiýa 2014-nji ýylyň mart aýynda Krym Awtonom Respublikasyny we Siwastopoly bikanun ýagdaýda basyp alypdy. 

 



Degişli Habarlar