Fransiýada Sary ýeňsizlileriň protestleri dowam edýär

Fransiýada Sary ýeňsizliler topary, demonstrasiýalaryň 32-nji hepdesinde ýurdyň prezidenti Emmanuel Makronyň ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy nägileliklerini görkezmek üçin ýene-de bir gezek köçelere çykdylar

1223449
Fransiýada Sary ýeňsizlileriň protestleri dowam edýär

Sary ýeňsizlileriň protestleri, bu hepde hem giň gerimli howpsyzlyk çäreleriniň astynda geçirildi.

Ýurdyň paýtagty Parižde demonstrantlaryň Bersi etrapçasyndan Estiennes-d’Orwes meýdançasyna çenli ýörän protest ýörüşinde hiç hili hadysa ýüze çykmady.

Şarlewil-Mezýer şäherindäki demonstrasiýada bir dükanyň aýnasy döwüldi we 15 adam göz tussaglygyna alyndy.

Nim şäherindäki protestlerde 1 adam göz tussaglygyna alyndy. Laksa şäherinde bolsa demonstrantlar ýollary ýapdylar.

Aşa çepçi Boýun egmeýän Fransiýa hereketiniň lideri Žan-Lýuk Melenşon, Belfortda geçen demonstasiýalarda sary ýeňsiz geýip demonstrantlara goldaw berdi.

Ýurtda geçirilen demonstrasiýalarda Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä 11 müň 800 adam, Sary ýeňsizliler toparynyň berýän maglumatyna görä bolsa 25 müň 553 adam gatnaşdy.

Sary ýeňsizlileriň demostrasiýalarynda häzirki wagta çenli 11 adam ýogaldy, 1797-si polisiýa işgäri jemi 4245 adam ýaralandy we 12107 adam göz tussaglygyna alyndy.



Degişli Habarlar