ABŞ Eýrana garşy täze sanksiýalar girizmäge taýarlanýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp duşenbe güni Eýrana garşy täze sanksiýalaryň giriziljekdigini habar berdi

1223410
ABŞ Eýrana garşy täze sanksiýalar girizmäge taýarlanýar

Twitter hasabyndan beýanat beren Tramp, Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna rugsat bermejekdiklerini nygtady.

ABŞ-nyň ozalky prezidenti Barak Obamanyň Eýran babatyndaky meýilnamasyny gorkunç hökmünde häsýetlendiren Tramp: “Eýrana garşy duşenbe gününden başlap goşmaça sanksiýalar girizeris. Sanksiýalaryň Eýran babatynda şowly bolmagyna, Eýranyň ýaňadandan öndürijilikli we ösen bir millet boljak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Näçe ir bolsa, şonça gowy” diýip belledi.

Beýleki tarapdan ABŞ-nyň prezidenti, Ak Tamyň çykalgasynda metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Eýranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagyna rugsat bermejekdiklerini belläp: “Muny kabul etseler baý ýurt bolarlar. Örän bagtyýar bolarlar we olaryň iň gowy dosty bolaryn. Bolar diýip umyt edýärin” diýip aýan etdi.

Eýrana garşy harby operasiýanyň bolup-bolmajakdygy bilen bagly soraga jogap beren Tramp, Tähran bilen başdan geçirilýän harby ädimleriň hemişe meýilnamalaryň biri bolmagyny dowam etdirjekdigini nygtady.



Degişli Habarlar