Eýran: “ABŞ-e degişli uçarmansyz howa ulagyny ýere gaçyrmak anyk bir ýüzlenmedir”

Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň serkerdesi Hüseýin Selami, ABŞ-e degişli uçarmansyz howa ulagynyň ýere gaçyrylmagynyň duşmanlara anyk bir ýüzlenmedigini belledi

1221954
Eýran: “ABŞ-e degişli uçarmansyz howa ulagyny ýere gaçyrmak anyk bir ýüzlenmedir”

Eýranyň resmi agentligi IRNA-nyň berýän habaryna görä Selami: “Ynkylap goragçylarynyň Harby awiasiasy şu gün irden serhetlerimiziň çägini bozup, milli howpsyzlygymyza wehim salan duşmana degişli uçarmansyz howa ulagyny od açyp ýere gaçyrdy” diýip habar berdi.

ABŞ-e degişli uçarmansyz howa ulagynyň ýere gaçyrylmagy hadysasynyň Eýranyň territoriýasyna hüjüm gurajak islendik hüjümçä anyk bir ýüzlenmäniň bolandygyny ýadan Selami: “Serhetler biziň soňky nokadymyzdyr. Ony geçen yzyna gaýdyp gelip bilmez we ýok bolar” diýip belledi.

Selami, hiç bir ýurt bilen söweşmek niýetleriniň bolmandygyny, emma söweş üçin taýardyklaryny habar berdi.

Eýranyň Ynkylap gotagçylaryna degişli internet saýtda berilen habarda, Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň Harby awiasiasy tarapyndan Oman aýlagyna serhetdeş bolan Hormozgan welaýatynyň Kuhmubarek şäheriniň kenarynda şu gün irden ABŞ-nyň Harby-howa güýçlerine degişli RQ-4 Global Hawk kysymly uçarmansyz howa ulagy od açylyp ýere gaçyrylandygy mälim edildi.



Degişli Habarlar