ÝB-niň we BMG-nyň Muhammed Mursiniň ýogalmagyna gynanç bildirmezligi ünsleri özüne çekdi

Ýewropada demokratiýany, adam hukuklaryny we hukugyň üstünligi goramakdan jogapkär bolan Ýewropa Geňeşi wakany görmediksireýär

1220710
ÝB-niň we BMG-nyň Muhammed Mursiniň ýogalmagyna gynanç bildirmezligi ünsleri özüne çekdi

 

ÝB-niň ýolbaşçylarynyň we agza ýurtlaryň hökümetleriniň Müsüriň demokratiýa arkaly saýlanan ilkinji prezidenti Muhammed Mursiniň ýogalmagyna gynanç bildirmezligi ünsleri özüne çekdi.

Adaty ýagdaýda ýogalan ýokary derejeli ýolbaşçylardan we syýasatçylardan soň gynanç bildirýän ÝB Komissiýasynyň başlygy Ýan Kloud Ýunker bilen ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk Mursiniň ýogalmagy meselesinde hiç hili garaýyş beýan etmedi.

Žurnalistler we syýasy tussaglylar üçin “demokratiýanyň sesi” bolandygyny öňe sürýän we şol adamlaryň hukuklaryny goramak üçin yzygiderli ýagdaýda beýanat berýän ÝB-niň, Müsüriň demokratiýa arkaly saýlanan ilkinji prezidentiniň ýogalmagy barada hiç hili garaýyş beýan etmezligi ünsleri özüne çekdi.

Ýewropada demokratiýany, adam hukuklaryny we hukugyň üstünligi goramakdan jogapkär bolan Ýewropa Geňeşi hem wakany görmediksireýär.

Dünýäniň çar tarapyndan adam hukuklaryny goramak we goldamak üçin işleýändigi bilinýän BMG-nyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komisarlygy hem Mursiniň ýogalmagy barada heniz hiç hili beýanat bermedi.

 


Etiketkalar: #ÝB , #BMG , #adam hukuklary

Degişli Habarlar