Owganystanyň Kandagar welaýatynda partlama boldy

Owganystanyň günortasyndaky Kandagar welaýatynyň Dand etrabynda bolan partlamada 6 adam ýogaldy

1216727
Owganystanyň Kandagar welaýatynda partlama boldy

Içeri işler müdürliginiň resmileri, Dand etrabynda ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň asuda ilaty daşaýan ulagyň golaýdan geçýän mahaly partlandygyny habar berdiler. 

Resmiler partlamada asuda ilatdan 6 adamyň ýogalandygyny beýan etdiler. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 

 



Degişli Habarlar