Owganystanda 887 tussagly azat edilmäge başlandy

Owganystanyň prezidenti Eşref Ganiniň karary bilen aralarynda terror guramasy Talibana agza terrorçylar hem bolan 887 tussagly azat edilmäge başlandy

1216747
Owganystanda 887 tussagly azat edilmäge başlandy

Owganystanyň prezidentiniň metbugat sekretary Haru Çahansuri metbugat işgärlerine beren beýanatynda, aralarynda Talibana agza terrorçylar hem bolan jemi 887 tussaglynyň Prezident Ganiniň kararyna laýyklykda azat edilmäge başlanandygyny aýan etdi. 

Ýurdyň günbataryndaky Hyrat welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Jeýlani Farhad hem Prezident Ganiniň karary bilen Hyratda tussaglykda bolan Talibanyň 38 agzasynyň azat edilendigini mälim etdi. 

Taliban tarapyndan berilen beýanatda, Prezident Ganiniň bu kararyna hoşallyk bildirilip, şol tussaglylaryň 261-siniň Talibana agzadygy öňe sürüldi. 

 


Etiketkalar: #Owganystan , #tussag , #Taliban

Degişli Habarlar