Yslam dünýäsiniň başdan geçirýän kynçylyklaryna garşy bilelikdäki ýüzlenmäniň berilmegine garaşylýar

YHG-nyň 14-nji maslahaty Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziziň ýolbaşçylygynda 31-nji maýda geçirler

Yslam dünýäsiniň başdan geçirýän kynçylyklaryna garşy bilelikdäki ýüzlenmäniň berilmegine garaşylýar

Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň üstümizdäki aýyň ahyrynda Mekgede geçirilmegi meýilleşdirilýän 14-nji maslahatynda, Yslam dünýäsiniň başdan geçirýän kynçylyklaryna garşy bilelikdäki ýüzlenmäniň berilmegine garaşylýar

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýanatda, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň 14-nji maslahatynyň Saud Arabystanynyň Şasy Salman Bin Abdulaziziň ýolbaşçylygynda 31-nji maýda geçiriljekdigi nygtaldy.

“Mekge maslahaty: Jebislikde geleje tarap” temasy bilen geçiriljek we guramasy agza ýurtlaryň liderleriniň gatnaşmagyndaky maslahatda, Palestina meselesi bilen birlikde gurama agza käbir ýurtlarda başdan geçirilýän wakara garşy bilelikdäki jarnamanyň kabul edilmegine garaşylýar

Saud Arabystanynyň Şasy Salman öňňin Pars Aýlag Hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlar bilen Arap ýurtlaryň liderlerine Mekge şäherinde 31-nji maýda adatdan daşary 2 maslahatyň geçirilmegi barada çagyryş beripdi.

Bahreýn, Birleşen Arap Emirlikleri we Ýemen çagyryşa oňyn jogap beripdi.

 


Etiketkalar: YHG , Saud Arabystany , jarnama

Degişli Habarlar