ABŞ Yrakdaky diplomatlarynyň ýurtdan çykmagyny isledi

ABŞ-nyň döwlet Sekretarlygy Bagdatdaky İlçihanasynda işleýän ikinci dereceli ähli işgärlerinden ýurtdan çykmagyny isledi

1201739
ABŞ Yrakdaky diplomatlarynyň ýurtdan çykmagyny isledi

ABŞ-nyň Yrakdaky Ilçihanasynyň internet saýtynda berilen beýannamada Eýran bilen Pars aýlagynda möwceýän harby dartgynlyk sebäpli diplomatik wekilhanada möhüm we gyssagly wezipelerde işlemeýän ähli işgärleriň ýurtdan çykmagy üçin görkezme berilendigi nygtalýar.

Görkezme resmi Waşingtonyň geçen hepde Eýranyň we sebitde onuň adyndan iş alyp barýan güýçleriň Amerikan raýatlaryny hem-de bähbitlerini nyşana alýan hücümleri meýilleşdirýändikleriniň anyklanandygynyň beýan edilmeginden soň berildi.

Ilçihana ýekşenbe güni çap eden ýüzlenmede ABŞ-nyň raýatlaryna “möwceýän dartgynlyklar sebäpli” Yraga syýahat etmezlik barada duýduryş beripdi.



Degişli Habarlar