BMG, Idlibde guralýan howa hüjümleriniň bes edilmegi barada çagyryş berdi

Aprel aýyndan bäri Siriýanyň demirgazyk günbatarynda azyndan 150 adam ýogaldy ýada ýaralandy

1200891
BMG, Idlibde guralýan howa hüjümleriniň bes edilmegi barada çagyryş berdi

BMG, Siriýanyň Idlib welaýatynda guralýan howa hüjümleriniň bes edilmegi barada çagyryş berdi.

BMG-nyň Baş sekretarlygynyň metbugat geňeşçilerinden Farhan Hag, gündelik metbugat ýygnagynda, Idlibde howa giňişliginiň gözegçiliginiň kimdediginiň bilinýändigini nygtady, kimdir biriniň adyny agzamazdan şol hüjümleriň gyssagly bes edilmegi barada çagyryş berdi.

Howa hüjümlerinde 18 hassahanana we saglygy goraýyş merkezine, 17 mekdebe zeper ýetirlendigini aýdan Hag, infstrukturanyň nyşana alynmazlygyny isledi we taraplaryň halkara hukugyna sarpa goýulmalydygyny nygtady.

BMG-na görä, aprel aýyndan bäri Siriýanyň demirgazyk günbatarynda azyndan 150 adam ýogaldy ýada ýaralandy, 180 müň adam öýüni terk etdi.

Türkiýe, Russiýa we Eýran 2017-nji ýylyň maý aýynyň 4-5-i aralygynda Astanada geçirlen maslahatda Idlibi we töwereklerini çaknyşyksyz zolak hökmünde yglan edipdi.

Türkiýe bilen Russiýa, Asada tabynlykdaky güýçleriň şol çäkde başladylan hüjümleriň bes edilmegi etabyny basgylandygy sebäpli Idlib üçin goşmaça ylalaşyk gazandy.

Russiýa tarapyndan goldanýan Asada tabynlykdaky güýçler 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabryndaky Soçi ylalaşygyna garamazdan hüjümlerini dowam etdirýär.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar