Tramp we Szinpin G-20-niň Ýaponiýada geçiriljek maslahatynda duşuşar

Tramp bilen Szinpiniň G-20-niň Ýaponiýada geçiriljek maslahatynda duşuşyp biljekdikleri habar berildi

1199821
Tramp we Szinpin G-20-niň Ýaponiýada geçiriljek maslahatynda duşuşar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaýyň döwlet Başlygy Si Szinpiniň G-20-niň Ýaponiýada geçiriljek maslahatynda duşuşyp biljekdikleri habar berildi

Donald Trampyň ykdysady işler boýunça geňeşçisi Larri Kudlow iýun aýynyň ahyrynda Ýaponiýada geçiriljek maslahatda Tram bilen Hytaýyň döwlet Başlygy Szinpiniň duşuşyp biljekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň “Fox Nýus” teleýaýlymynda berilen gepleşiklerden birine gatnaşan Kudlow ABŞ bilen Hytaýyň arasynda dowam edýän söwda ylalaşygy baradaky gepleşikler hakynda beýanat berdi.

İki ýurduň arasyndaky gepleşikleriň dowam edýändigini beýan eden Kudlow: “Ýaponiýada geçiriljek G-20-niň maslahatynda iki döwlet ýolbaşçysynyň duşuşma ähtimallygy ýokary” diýdi.

Tramp bilen Szinpiniň duşuşmagyna garaşylýan G-20-niň maslahaýy Ýaponiýanyň Osaka şäherinde iýun aýynyň 28-29-y aralygynda geçiriler.

ABŞ bilen Hytaýyň arasynda dowam edýän söwda gepleşiklerinde soňky gezek anna güni Ak Tamda duşuşyklar geçirilipdi, emma taraplar haýsydyr bir netijä gelip bilmändi.

 



Degişli Habarlar