General Hafteriň güýçleriniň ştabyna hüjüm guraldy
Liwiýanyň Sebha şäherinde ýurdyň gündogaryndaky harby güýçleriň serkerdesi general Halife Hafter güýçlerine degişli bir ştaba guralan hüjümde 9 adam ýogaldy
1195025
![General Hafteriň güýçleriniň ştabyna hüjüm guraldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/17c2/80b5/ebf2/5cb2d36f9efa6.jpg?time=1718862323)
Sebhanyň häkimi Hamid El-Haýali, şäheriň obalyk ýerinde Hafter güýçlerine degişli harby toparlaryň tälim geçýän ştabyna ýaragly hüjümiň guralmagy netijesinde 9 adamyň ýogalandygyny habar berdi.
Haýali, ilkinji kesgitlemelere görä hüjümi guranlaryň terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylardygyny görkezýändigini habar berdi.
Ştabda şol bir wagtda terror ýaly biri-birinden tapawutly eden-etmişler sebäpli tussaglykda saklanýan adamlaryň bardygyny aýdan Haýali, bu adamlaryň ykbaly barada bolsa maglumat bermedi.
Degişli Habarlar
!["Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi"](http://cdn.trt.net.tr/images/medium/rectangle/5ac2/48c2/a801/6672c8f898d4b.jpg?time=1718862324)
"Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi"
BMG: "Ysraýyl Gazada on müňlerçe çagany öldürdi ýa-da maýyp etdi" diýip mälim etdi