Ispaniýa Wenesulanyň oppozision liderini yzyna bermegi kabul etmedi

Ispaniýa Karakas şäherinde ýerleşýän Ilçihanasyna syğynan oppozision lider Leopoldo Lopezi yzyna bermegi kabul etmedi

1194342
Ispaniýa Wenesulanyň oppozision liderini yzyna bermegi kabul etmedi

Ispaniýanyň hökümeti sişenbe güni Wenesuelada öý tussaglygyndan gaçyp, Ispaniýanyň Karakas şäherinde ýerleşýän Ilçihanasyna syğynan oppozision lider Leopoldo Lopezi yzyna bermegi kabul etmedi

Ispaniýanyň Daşary işler ministri Žozep Borrell Wenesuelada ýanwar aýynda özüni wagtlaýyn döwlet ýolbaşçysy diýip yglan eden Huan Guaýdonyň çagyryşy bilen başladylan agdarlyşyk synanşygynyň öňdebaryjylaryndan biri bolan Leopoldo Lopeziň ozal paşpena soramandygyny aýtdy.

Ispaniýa 2017-nji ýylyň noýabrynda Karakasda öý tussaglygyndan gaçan Karakasyň ozalky meri Antonio Ledezma bilen bilelikde wenesuelaly köp sanly syýasatçyny kabul edipdi.

Wenesueladaky oppozisiýadaky Halk partiýasynyň ozalky lideri Lopez 2014-nji ýylda hökümete garşy geçirilen mitinglerde halky çaknyşyga höweslendirmek jenaýatyndan 14 ýyl azatlykdan mahrum edilipdi. 3 ýyl tussaglykda saklanan Lopeziň jezasy 2017-nji ýylyň iýul aýynda öý tussaglygyna öwrülipdi.

Şol wagtdan bäri öý tussaglygynda saklanýan Lopez sişenbe güni Guaýdonyň Twitter hasabyndan halka we esgerlere köçä çykma çagaryşyny berýän ýazgysynda görülipdi.

 



Degişli Habarlar