"Agdarlyşyk synanşygynyň jogapkärleri jerimesini çeker"

Maduro halka ýüzlenip çykyş etdi

1193140
"Agdarlyşyk synanşygynyň jogapkärleri jerimesini çeker"
juan guaido.jpg
nicolas maduro1.jpg

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro ýurdunda başdan geçirlen agdarlyşyk synanşygynyň jogapkärleriniň jerimesini çekjekdigini aýtdy.

Prezident Maduro, paýtagt Karakasdaky Prezident köşgünde Goranmak ministri Wladimir Padrino we Esaslandyryjy Mejlisiň başlygy Kabello bilen bolan duşuşygyndan soň halka ýüzlenip çykyş etdi.

Maduro agdarlyşyk synanşygyny basyp ýatyran we howpsyzlygy üpjün eden Wenesuelanyň ýaragly güýçlerine sag bolsun aýtdy.

Düýn La Karlota howa bazasynda bolan çaknyşyklar hakynda durup geçen Maduro, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen La Karlota harby howa bazasynyň ele geçirlendigi hakyndaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini belledi.

Ozalky oppozisionerlerden Leopoldo Lopeziň agdarlyşyk synanşygyny gönükdirendigini nygtan Maduro, oppozisionerleriň çaknyşyklarda howpsyzlyk güýçlerini nyşana alandygyna ünsi çekdi.

Çaknyşan esgerleriň 80 göteriminiň aldawa düşendigini aýdan Maduro, aldanandyklaryna göz ýetiren esgerleriň huntaçylara goldaw bermekden ýüz öwürendiklerini belledi.

Beýleki tarapdan Wenesuelada özüni prezident yglan eden Mejlisiň başlygy Guaido, harby goşunyň Maduro goldaw bermeýändigini öňe sürdi.

Guaido hökümet çalşygyna çenli protest ýörişleriniň dowam etjekdigini belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar