ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili şu gün Türkiýä geler

Amerikaly resmi wekiliýetiň sapary 2-nji maýa çenli dowam eder

1192396
ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili şu gün Türkiýä geler

ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jeffri bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Siriýa boýunça ilçisi Raýburn şu gün Türkiýä geler

Ady agzalýan sapar hakynda ýazmaça beýanat beren ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy, saparyň 2-nji maýa çenli dowam etjekdigini mälim etdi.

Beýanatda Amerikaly resmi wekiliýetiň türk ýolbaşçylary bilen Ankarada Siriýa meselesinde möhüm gepleşikler geçirjekdigi nygtaldy.

Beýanatda gepkleşiklerde Siriýanyň demirgazygynda durnuklylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi üçin çagyryş beriljekdigi we terror guramasy DAIŞ-iň dolulygyna ýok edilmegi ýaly meselelerin seljeriljekdigi ýatladyldy.

ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jeffriniň Ankaradan soň Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde Müsüriň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Saud Arabystanynyň we Britaniýalynyň ýörite ilçileri we Siriýaly käbir toparlar bilen gepleşik geçirjekdigi nygtaldy.

 

 



Degişli Habarlar