Günbatar Şeriada palestinaly ýaş oglan şehit boldy

Günbatar Şeriada geçen hepde pyçakly hüjüm guramak isländigi öňe sürülip, ysraýylly esgerler tarapyndan hakyky oklar bilen atylyp agyr ýaralanan palestinaly ýaş oglan ýogaldy

1191306
Günbatar Şeriada palestinaly ýaş oglan şehit boldy

Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanata görä, Nablus şäheriniň günortasyndaky Zatara gözegçilik nokadynda, 20-nji aprelde ysraýylly esgerler tarapyndan atylan 20 ýaşyndaky Ömer Awni Ýunus atly palestinaly ýaş oglan ýogaldy.

Beýanatda, Ýunusyň atylanyndan soň agyr ýaraly ýagdaýda Tel-Awiw şäheriniň golaýyndaky bir hassahana ýatyrylandygy, düýn bolsa şehit bolandygy mälim edildi.



Degişli Habarlar