Fransiýada Sary ýeňsizlileriň protestleri düýn hem dowam etdi

Parižiň Içeri işler müdürliginden berilen beýanatda, paýtagtdaky demonstrasiýalarda 14 adamyň göz tussaglygyna alynandygy aýan edildi

1191181
Fransiýada Sary ýeňsizlileriň protestleri düýn hem dowam etdi

 

Fransiýada ýurdyň Prezidenti Emmanuel Makronyň penşenbe güni özleriniň talaplary bilen bagly beren beýanatyny ýeterlik görmeýän Sary ýeňsizliler, demonstrasiýalaryň 24-nji hepdesinde başda paýtagt Pariž bolmak bilen ülkäniň ençeme şäherinde köçelere çykdylar.

Parižde Montparnasse meýdançasynda ýygnanan demonstrantlar, Italiýa meýdançasyna çenli ýörediler. Demosntrasiýalara aşa sagjy Boýun egmeýän Fransiýa hereketiniň lideri Žan-Lýuk Melenşon we ýurdyň iň uly kärdeşler arkalaşyklaryndan biri bolan Umumy Iş konfederasiýa goldaw berdi.

Beýleki bir topar bolsa TF1 we BFMTV kanallarynyň Pariždäki merkezleriniň öňünde protest geçirdiler. Demonstrantlar ondan soň bolsa Repablik meýdançasyna çenli ýörediler.

Parižiň Içeri işler müdürliginden berilen beýanatda, paýtagtdaky demonstrasiýalarda 14 adamyň göz tussaglygyna alynandygy, 13 müň 500 adamyň bolsa üstleriniň we şahsyýetleriniň barlanandygy mälim edildi.

Polisiýa gullugy, demonstrantlaryň Şamp-Ýeliseý köçesinde we 15-nji aprelde bolan ýangynda uly zyýan ýeten Notr-Dam katedralynda we onuň töwereginde protestleriň geçirilmegini gadagan etdi.

Strasburg şäherinde bolsa Bordo meýdançasynda protest geçiren demonstrantlar bilen polisiýa işgärleriniň arasynda dartgynlyk başdan geçirildi. Polisiýa işgärleri daş we çüýşe zyňan demonstrantlara garşy gözüňi ýaşardýan gaz ulanyp garşylyk görkezdi.

Demonstrasiýada 26 adamyň göz tussaglygyna alynandygy we ençeme adamyň ýaralanandygy mälim edilip, demonstrantlaryň Ýewropa Parlamenti, Ýewropa Geňeşi we Ýewropa Adam hukuklary kazyýetiniň öňünde we olaryň töwereginde demonstrasiýa geçirilmegine rugsat berilmedi.

Lion, Ruan we Marsel ýaly şäherlerde hem demonstrasiýalar geçirildi.

Ýurtda düýn geçirilen demonstrasiýalara Içeri işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä 23 müň 600, Sary ýeňsizlileriň berýän maglumatyna görä bolsa 60 müň 132 adam gatnaşdy.



Degişli Habarlar