ABŞ-de sinagoga guralan ýaragly hüjümde bir adam ýogaldy

ABŞ-niň San-Diego şäherinde, jöhitleriň Pesah baýramynyň soňky gününde bir sinagoga guralan ýaragly hüjümde 1 adam ýogaldy, 3 adam ýaralandy

1191162
ABŞ-de sinagoga guralan ýaragly hüjümde bir adam ýogaldy

San-Diego şäheriniň häkimi Stiw Waus, düýn irden şäherdäki bir sinagoga guralan ýaragly hüjümde 19 ýaşyndaky bir zenanyň ýogalandygyny habar berdi.

Waus, bir ruhanynyň, bir erkek adamyň we bir gyz çaganyň bolsa ýaralanandygyny beýan etdi.

Waka bilen baglanşykly göz tussaglygyna alynan adam soraga çekildi.


Etiketkalar: #sinagog , #hüjüm , #jöhit , #Pesah , #baýram

Degişli Habarlar