Donald Tramp, Rim papasy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-niň Prezidenti Doanld Tramp, Papa Fransisk bilen geçiren telefon söhbetdeşligi bilen bagly özüniň Twitter hasabyndan beýanat berdi

1185869
Donald Tramp, Rim papasy bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Fransiýadaky taryhy Notr-Dam katedralyndaky ýangyn sebäpli Katoliki dünýäniň dini lideri Papa Fransiske jaň edip, amerikan halkynyň gynanjyny bildirdi we ýurdunyň kömege taýýardygyny beýan etdi.

ABŞ-niň Prezidenti Doanld Tramp, Papa Fransisk bilen geçiren telefon söhbetdeşligi bilen bagly özüniň Twitter hasabyndan beýanat berdi.

Tramp: “Papa Fransisk bilen birnäçe wagt ozal telefon arkaly söhbetdeş boldum we amerikan halkynyň bu elhenç we ýumurujy Notr-Dam katedraly bilen baglanşykly gynanjyny bildirdim” diýdi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen hem birnäçe gün ozal telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny ýatladan Tramp, ABŞ-niň rekonstruksiýa we gurluşyk babatyndaky ähli tejribesini Notr-Damyň ýaňadandan dikeldilmegi üçin uly höwes bilen Fransiýa teklip edendigini aýan etdi.

Fransiýanyň paýtagty Parižiň simwollaryndan biri bolan taryhy Notr-Dam katedralynda geçen hepdäniň ýekşenbe güni ýangyn boldy.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, ýangynda uly zyýan ýeten taryhy Notr-Dam katedralyny has owadan edip, ýaňadandan gurjakdyklaryny we onuň 5 ýylda tamamlanmagyna garaşýandyklaryny habar berdi.



Degişli Habarlar